2019-njy ýylyň 23-nji maýynda Türkmenstanyň Döwlet habarlary agentliginiň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde geçirilýän XVI Ýewraziýa media forumynyň işine gatnaşdy.
Gazagystan Respublikasynyň Senatynyň başlygy Dariga Nazarbaýewanyň ýolbaşçylygynda geçirilen bu media forumyň işine dünýäniň 50 ýurdundan 600-e golaý wekiliýet ýagny, Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Armen Sarkisýan, Estoniýanyň öňki Prezidenti Toomas Ilwes, syýasatçylar, halkara habar beriş agentlikleriň ýolbaşçylary we habarçylary gatnaşdylar.
Media foruma gatnaşyjylar möhüm meseleleriň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar, hususan-da, Ýewraziýada we dünýäde halkara köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem forumyň çäklerinde, Merkezi Aziýada sebitleýin integrasiýa atly tegelek stoly geçirildi. Bu çäräniň dowamynda türkmen wekiliýeti çykyş etdi we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürülýän ulag, energetika we suw diplomatiýasy boýunça başlangyçlaryny belläp geçdi. Şunuň bilen birlikde, 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde geçirilen Bäşinji Hazar sammitiniň dowamynda türkmen Lideriniň öňe süren ýagny, 2019-njy ýylda Türkmenistanda birinji Hazar ykdysady forumyny geçirmek baradaky teklibi aýratyn bellenilip geçildi.
Tegelek stola gatnaşyjylar Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyna eýerip, Merkezi Aziýada we sebitde howpsuzlygy, durnukly ösüşi ugrundaky tagallalary aýratyn bellenildi. Bu ugurda köpugurly halkara geňeşmeleriniň ýola goýulmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlarynyň wajyp ähmiýeti nygtaldy.
Forum öz işini 2019-njy ýylyň 24-nji maýynda hem dowam edýär.