icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

08 ýanwar 2017

1777

Ýaponiýada Türkmenistanyň etnografiýasy we taryhy barada medeni çäre geçirildi

2017-nji ýylyň ýanwar aýynyň 8-ne Ýaponiýanyň iň iri sungat muzeýleriniň biri bolan “POLA” muzeýinde Türkmenistanyň etnografiýasy we taryhy barada medeni çäre geçirildi. Bu çäre 2016-njy ýylyň sentýabryndan  2017-nji ýylyň mart aýyna çenli “POLA” muzeýinde hereket edýän Türkmenistanyň etnografiýa we şaý-sepler eksponatlarynyň sergisiniň çäklerinde gurnaldy.

Agzalan çäräniň dowamynda alym hanym Takako Murata, dizaýner we modelýer hanym Matsura hem-de muzeýiň wekilleri türkmen etnografiýasyna degişli bolan şaý-sepler we egin-eşikler barada çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynyň dowamynda Türkmen halkynyň örän baý medeniýeti we taryhy hem-de häzirki zaman Türkmenistanyň ýeten uly sepgitleri barada gürrüň berdiler.

Şeýle hem, Çäräniň dowamynda Türkmenistan barada wideofilmler we slaýdlar görkezilip, şu ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary barada aýratyn bellenilip geçildi.

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasy we “POLA” muzeýiniň ýolbaşçylary tarapyndan gurnalan bu çäräniň ahyrynda gelen köp sanly myhmanlar üçin türkmen milli eşiklerini geýen ýapon sazandarlarynyň ýerine ýetirmeginde türkmen aýdym-sazlarynyň konserti hem geçirildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi