2019-njy ýylyň 19-njy iýunynda Nýu-Ýork şäheriniň Milli sungat merkezinde “Beýik Ýüpek ýolunyň mirasy we onuň ýaş nesliň dünýägaraýşyny kämilleşdirmekdäki taryhy orny” atly tegelek stol guraldy.
Tegelek stoluň barşynda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili A.Ataýewa, Rus-amerikan medeniýet gaznasynyň Prezidenti M.Kowalýowa, Smitsonowsk institutynyň Aziýa medeniýet meýilnamasynyň direktory, Aziýanyň, Ýewropanyň we Ýakyn Gündogaryň etnologiýasynyň ýolbaşçysy Paul Mihail Teýlor, Orta Aziýanyň sungatynyň maýadary we ýygnaýjysy Barbara Koş, buhara-ýewreý sungatynyň Muzeýiniň direktory Aron Aronow şeýle hem Gazagystanyň we Özbegistanyň konsullyklarynyň wekilleri çykyş etdiler.
P.Teýlor öz sözünde Türkmenistanyň Waşingtonda geçirilen Medeniýet günleriniň hem-de ýurdumyza bolan saparyň barşynda Smitsonowsk institutynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi. Ol Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasyna beýik türkmen şahyry Magtymgulynyň iňlis dilindäki çap edilen kitabyny sowgat hökmünde gowşurdy.
Şeýle-de Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň, Gazagystanyň hem-de Özbegistanyň Nýu-Ýorkdaky konsullyklarynyň we Rus-amerikan medeniýet gaznasynyň bilelikde gurnamagyndaky “Merkezi Aziýa: hazyna” atly bilelikdäki serginiň açylyşy boldy.
Serginiň türkmen böleginiň eksponatlary aýratyn ähmiýetlendirildi. Sergide elde dokalan halylar, milli egin-eşik, ýüpek nagyşlaryň görnüşleri, kümüşden ýasalan şaý-sepler, saz gurallary we türkmen suratkeşleriniň çeken suratlary görkezildi.