2019-njy ýylyň 4-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-polýak syýasy geňeşmeleri geçirildi. Polşa Respublikasynyň wekiliýetine Aşgabada iş sapary bilen gelen bu ýurduň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretarynyň orunbasary Marçin Prjidaç ýolbaşçylyk etdi.
Duşuşygyň başynda taraplar türkmen-polýak gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we ösdürmegiň mümkinçiliklerini, şeýle hem, ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirilýän meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň we Polşanyň arasyndaky ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik özara gatnaşyklarynyň oňyn ýagdaýyny bellemek bilen, taraplar ýokary derejedäki saparlary gurnamak mümkinçilikleri boýunça pikir alyşdylar.
Gazanylan ylalaşyklary gözden geçirmek bilen, taraplar bilelikdäki şertnama-hukuk binýadynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary berkitmek bilen bagly meseleleriň toplumyna seredildi. Mundan başga-da, duşuşyga gatnaşyjylar ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer pudagyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine garadylar we degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.