icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

26 iýul 2019

1454

Aşgabatda kanunyň hökmürowanlygynyň ýörelgelerine laýyklykda terrorçylyk işine garşy durmak boýunça ÝHHG-nyň seminary geçirildi

Aşgabat şäherinde geçirilen we 2019-njy ýylyň 25-nji iýulynda tamamlanan iki günlük okuw maslahatynyň maksady – kanunyň hökmürowanlygynyň ýörelgelerine laýyklykda terrorçylyk işine garşy durmak üçin jenaýat-hukuk çäreleriniň güýçlendirilmegi bolup, ol degişli döwlet edaralarynyň, şeýle hem adwokaturanyň 30-dan gowrak işgärlerini özünde jemledi.  

ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ÝHHG-niň Sekretariatynyň Terrorçylyga garşy bölüminiň Transmilli wehimlere garşy göreşmek Departamenti bilen birlikde guran maslahatynyň barşynda Global kontrterrorçylyk forumynyň (GKTF) Rabat ähtnamasyna girizilen degişli tejribäniň modellerine seredilip geçildi. Olaryň hatarynda adam hukuklarynyň we halkara hukugynyň degişli kadalarynyň berjaý edilmegi nukdaýnazaryndan terrorçylyk işiniň öňüniň alynmagynyň we kazyýet tarapyndan yzarlanmagynyň netijeli çäreleri bardyr.

Jenaýat adalatlylygy ulgamyndaky bilermenler Germaniýada, Niderlandlarda, Russiýa Federasiýasynda we Beýik Britaniýada işlenilip düzülen hukuk kadalary we amaly modeller, şeýle hem bu ugurda ÝHHG-niň tehniki ýardamyny we öňdebaryjy tejribesini beýan etdiler. 

ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň başlygy Natalýa Drozd seminaryň gatnaşyjylaryna öz ýüzlenmesinde: «Terrorçylygyň çylşyrymly häsiýeti ygtyýarly edaralaryň ählisiniň arasynda degişli maglumatlaryň ýygnalmagyny we alyşylmagyny özünde jemleýän derňewiň netijeli çemeleşmelerini talap edýär» diýip nygtady. Ilçi Drozd şeýle hem: «Bu seminar kanunyň ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň hökmürowanlygynyň ilerledilmegi ulgamyndaky işiniň möhüm tapgyryny dabaralandyrýandyr. ÝHHG-niň Merkeziniň taslamalarynyň çäklerinde terrorçylyga getirýän zorlukly ekstremizme we radikalizme hem-de internetiň terrorçylyk maksatlarda ulanylmagyna garşy göreşilmeginiň hemmetaraplaýyn çemeleşmeleri boýunça çäreler, şeýle hem şu ýyl terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we guramaçylykly jenaýata garşy göreşmek boýunça ýokary derejeli sebitleýin maslahat guraldy», - diýip öz sözüniň üstüni ýetirdi.  

Okuw maslahatynyň barşynda bilermenler we oňa gatnaşyjylar döwlet eadralarynyň arasyndaky utgaşyklylygyň netijeli gurallaryny, aýratyn hem terrorçylyga garşy göreşmek maksady bilen halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm ornuny ara alyp maslahatlaşdylar. Maslahatyň dowamynda terrorçylyk işine çekilen taraplaryň ählisiniň goragynyň üpjün edilmeginiň we onuň bilen bagly bolan derňewleriň geçirilmeginiň, şeýle-de terrorçylyk işi üçin iş kesilen şahslara jezalandyrylmagyndaky netijeli çemeleşmeler hem-de olaryň azatlyga çykmagyndan soňra jemgyýete gaýtadan uýgunlaşmasy üçin degişli strategiýalaryň işlenilip düzülmeginiň zerurlygy bellenilip geçildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi