icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

05 awgust 2019

1349

Aşgabatda adam söwdasynyň öňüniň alynmagy boýunça MHG-nyň okuw sapagy geçirilýär

2019-njy ýylyň 5-nji awgustynda Türkmenistanyň paýtagtynda Migrasiýa boýunça halkara guramasy (MHG) tarapyndan guralan Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri we bilim edaralarynyň hünärmenleri üçin niýetlenen  okuw sapagy öz işine başlady.

Okuw sapagyna Türkmenistanyň Mejlisiniň, Adalatçysynyň, Ylymlar akademiýasynyň, Adalat, Bilim, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrlikleriniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň, Zenanlar birleşiginiň, Gyzyl ýarymaý milli jemgyýetiniň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň wekilleri, şeýle hem ýurdumyzyň ýöriteleşdirilen ýokary okuw mekdepleriniň we orta mekdepleriniň mugallymlary gatnaşdylar.  

Şeýle hem okuw sapagynyň birinji gününde adam söwdasy we gender syýasaty meseleleri boýunça halkara bilermenler bu ugurdan öz bilimlerini we tejribelerini paýlaşdylar. 

Şeýle hem okuw sapagynyň çäklerinde MHG-nyň «Merkezi Aziýada adam söwdasyna garşy göreşiň güýçlendirilmegi we ejiz migrantlaryň goragy sebit we global wehimlerine jogap» taslamasynyň çäklerinde işlenilip düzülen ýaşlaryň arasynda adam söwdasynyň öňünden duýdurylmagy we öňüniň alynmagy boýunça bilim edaralarynyň mugallymlary hem-de talyplary üçin niýetlenilen okuw gollanmasynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. 

Okuw sapagynyň umumy maksady adam söwdasynyň öňünden duýdurylmagy we öňüniň alynmagy ulgamynda bilim edaralarynyň habarlylygynyň we hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyndan ybaratdyr.

Ertir, 6-njy awgustda okuw sapagy öz işini dowam eder. 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi