2019-njy ýylyň 28-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 74-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Nýu-Ýork şaherine bardy.
Türkmenistanyň Daşary işler ministri sessiýadaky çykyşynda sebitleýin we global gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça ýurdumyzyň ileri tutýan ugurlaryny beýan etdi.
Hususan-da, Türkmenistanyň halkara hukugyna we BMG-niň düzgünnamasyna dünýäniň häzirkizaman düzgünleriniň esasy hem-de döwletleriň arasyndaky ynanyşmagyň ýokary derejesine ýetmegiň şerti hökmünde seredýändigi bellenip geçildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan 2021-nji ýyly – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek hakyndaky Rezolýusiýany kabul etmek başlangyjy bilen çykyş etdi. Ilkinji gezek bu pikir Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda eden çykyşynda ýaňlandy. Degişli Rezolýusiýa Baş Assambleýa tarapyndan şu ýylyň 12-nji sentýabrynda BMG-niň 73 sany agza döwletleriniň awtordaşlygy netijesinde biragyzdan kabul edildi.
Şeýle-de, durnukly ösüş meseleleri boýunça BMG bilen hyzmatdaşlygyň ähli gatnaşyjylar üçin işiň uzakmöhletleýin geljege niýetlenen ileri tutýan ugry bolup galýandygy barada bellenip geçildi.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Nýu-Ýork şäherine sapary dowam edýär. Saparyň dowamynda birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilmegi meýilleşdirilendir.