icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

21 oktýabr 2019

729

Hytaýda HHR - Merkezi Aziýa hyzmatdaşlygynyň VII forumy geçirildi

2019-njy ýylyň 18-19-njy oktýabrynda Hytaý Halk Respublikasynyň Guwansi-Çžuan awtonom etrabynyň ykdysady-dolandyryş we medeni merkezi bolan Nannin şäherinde Hytaý - Merkezi Aziýa hyzmatdaşlygynyň VII forumy geçirildi.

Çäre hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk hyzmatdaşlyk boýunça Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň hytaý komiteti, Guwansi-Çžuan awtonom etrabynyň daşary işler boýunça kanselýariýasy we bu etrabyň Halk hökümeti tarapyndan guraldy. Duşuşyk Türkmenistanyň, Hytaýyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Ermenistanyň we Günorta-Gündogar Aziýa (ASEAN) döwletleriniň assosiasiýasyndan gelen ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynyň wekillerini — döwlet düzümleriniň hem-de hususy ulgamyň ýolbaşçylaryny, halkara guramalarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini jemledi.

 Onuň işiniň barşynda milli wekiliýetleriň ýolbaşçylary Hytaý Halk Respublikasynyň dürli ulgamlara, şol sanda maliýe-ykdysady hem-de ulag ulgamyna, gurluşyga we senagata ýolbaşçylyk edýän wekilleri bilen duşuşdylar. Foruma gatnaşyjylar halkara guramalarynyň çäklerinde hem-de ikitaraplaýyn görnüşde söwda-ykdysady gatnaşyklarda, ulag-logistika we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlaryny bellediler.

«Hytaý—ASEAN» EKSPO-nyň sergi zalynda gatnaşyjy ýurtlaryň önümleriniň sergisi guraldy. Şonda Türkmenistan meşhur halylary, milli zergärçilik bezeglerini we amaly-haşam sungatynyň beýleki nusgalaryny hem-de çaphana neşirlerini görkezdi. Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan Türkmenistan netijeli gatnaşyklaryň giň görnüşlerini ösdürmek ugrunda çykyş edip, gadymy kerwen ugrunyň häzirki zaman derejesinde täzeden dikeldilmeginde düýpli orun eýeleýär.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi