2016-njy ýylyň 9-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Hökümetiniň hem-de Aşgabatdaky ÝHHG-niň merkeziniň bilelikdäki taslamalarynyň çäklerinde guralan «Döwlet häkimiýetiniň onlaýn-serişdeleriniň kömegi arkaly aragatnaşygyň täze mümkinçilikleri» atly üç günlük okuw maslahaty öz işini tamamlady. Maslahata Mejlisiň, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň birnäçesiniň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň 25 wekilleri gatnaşdylar.
Üç günläp dowam eden bu maslahatyň esasy temalary hökümetde aragatnaşyk prinsipleri we onlaýn-serişdeleriniň içeri we daşary aragatnaşyklarynyň guraly boldy. Beýik Britaniýadan we Ukrainadan gelen halkara bilermenler hökümet portallarynyň we websaýtlarynyň düzümini düşündirdiler we netijeli aragatnaşygyň multimediýa hem-de sanly usullaryny görkezdiler.
ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň başlygy, Ilçi Natalýa Drozd: «Internet ulgamynyň ösüşini hukuk taýdan düzgünleşdirmek we Türkmenistanda internet hyzmatlaryny ýerine ýetirmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda döwlet häkimiýetiniň düzümleri özleriniň resmi websaýtlaryny döretmeli hem-de olarda öz işi baradaky maglumatlary ýerleşdirmeli we gelýän onlaýn-soraglara jogap bermeli - , diýdi. “Onlaýn-serişdeler döwlet häkimiýet düzümleri bilen raýatlaryň arasynda aragatnaşyk etmegiň in elýeter we netijeli guraly bolup durýar, şonuň üçin bu gatnaşyk ýollaryny hemişe özgertmek we kämilleşdirmek möhüm wezipedir”- diýip, Ilçi Natalýa Drozd aýtdy.
Okuw maslahatyna gatnaşyjylar aragatnaşyk strategiýasynyň websaýtyň mazmunyna öz täsirini ýetirişi we onlaýn aragatnaşyk strategiýasynyň öz düzümine alýan temalary dogrusynda pikir alyşdylar. Şeýle hem geçirilen amaly okuwlaryň dowamynda oňa gatnaşyjylar toparlara bölünip, döwlet edarasynyň aragatnaşyk strategiýasyny işläp düzmegi ara alyp maslahatlaşdylar we websaýtlary işletmegiň düzgünleri hem-de gurallary bilen tanyş boldular.
Ilçi Natalýa Drozd bu okuw maslahatynyň ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň Türkmenistanyň döwlet häkimiýet düzümlerine onlaýn-serişdelerini ösdürmäge ýardam bermek boýunça üstünlikli amala aşyrýan işiniň dowamy boldy, diýip belledi. “Merkez bu ulgamda hyzmatdaşlyk etmäge taýýar”,-diýip, Ilçi Drozd aýtdy.