2017-nji ýylyň 1-nji fewralynda Polşa Respublikasynyň paýtagty Warşawada Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajyýew Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Demokratik institutlary we adam hukuklary boýunça edarasynyň (ÝHHG/DIAHBE) direktory M.Link bilen duşuşyk geçirdi.
Oňyn ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýygjamlaşdyrmagyň ýollary barada pikir alyşdylar.
Bellenilşi ýaly, Türkmenistan özüniň ratifikasiýa eden kowensiýalaryna we halkara hukugynyň beýleki resminamalaryna ygrarlydygyna eýerip, adam hukuklaryna we ynsan azatlyklaryna degişli esasy resminamalary ýerine ýetirmek boýunça yzygider işleri amala aşyrýar.
Giň halkara dialogyny, şol sanda hukuk ulgamynda, işjeňleşdirmeklige niýetlenen Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan syýasaty ýurdumyza köp daşary ýurtlardan we iri halkara guramalaryndan dürli saýlawlara monitoring etmek maksady bilen halkara synçylaryny çagyrmakda öz beýanyny tapýar. Hususan-da, 2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçiriljek Prezident saýlawlary ýurduň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda möhüm waka bolar.
Demokratik özgertmeler ýolunda Türkmenistanyň durmuşa geçirýän çärelerine ýokary baha berip, jenap M.Link ÝHHG/DIAHBE-niň tarapyndan türkmen tarapyna milli kanunçylygy we saýlaw ulgamyny kämilleşdirmäge, şeýle hem demokratik özgertmeleri çuňlaşdyrmaga niýetlenen hukuk reformasyny ýerine ýetirmäge hemmetaraplaýyn ýardamlaryny bermäge taýýardygyny nygtap aýtdy.
Bu çarçuwada soňky ýyllarda ýetilen Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasynda hyzmatdaşlygyň oňyn hereketi aýratyn many-mazmuna eýe bolýr. Ol öz içine tejribe alyşmak, yzygider geňeşmeleri, okuw maslahatlaryny, duşuşyklary we raýat hukugy ulgamyndaky halkara bilermenleri çagyryp “tegelek stollary” gurnamak arkaly halkara hukugynyň hereket edýän standartlary we düzgünleri bilen tanyşmak ýaly işleri alýar.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň umumy bähbitlerine we ileri tutýan ugurlaryna laýyk gelýän işjeň hyzmatdaşlygy üstünlikli dowam etdirilmegine özara ynam bildirildi.