2019-njy ýylyň 13-nji noýabrynda Türkmenistanyň senagat we kommunikasiýa ministrliginde Eýran Yslam Respublikasynyň, Oman Soltanlygynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň hökümetleriniň arasynda Halkara ulag we üstaşyr geçelgäni döretmek baradaky Ylalaşygyň (Aşgabat Ylalaşygy) Iş toparynyň ikinji mejlisi öz işine başlady.
Aşgabat şäherine bu duşuşygyň işine gatnaşmak üçin Ylalaşyga gatnaşyjy ýurtlaryň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň öňdebaryjy hünärmenleri ýygnandylar.
Mejlisiň ilkinji güni gatnaşyjylar bu ulag-üstaşyr geçelgäniň ugurlary bilen bagly öň gazanylan ylalaşyklaryň işiniň gidişini ara alyp maslahatlaşdylar, gatnaşyjy ýurtlaryň kanunçylygyna degişli maglumatlar bilen, şol sanda geçelge nokatlaryndaky hereketleriň utgaşdyrylmagy, gümrük meseleleriň ýeňilleşdirilmegi ýaly meseleler bilen paýlaşdylar. Şeýle-de hünärmenler bu Ylalaşygyň netijeli amala aşyrylmagyna gönükdirilen tehniki häsiýetli meseleleriň birnäçesine seredip geçdiler.
Gatnaşyjylar Ylalaşyga gatnaşyjy döwletleriň logistika merkezleriniň netijeliligini we ornuny ýokarlandyrmagyň möhümdigini belläp, ähli ýurtlaryň logistika merkezleriniň arasynda hyzmatdaşlyk barada şertnamalaryň baglaşylmagynyň gerekdigi barada ylalaşdylar.
14-nji noýabrda Iş toparynyň ikinji mejlisi öz işini dowam eder.