16 noýabr 2019
2996
Bakuda geçirilen Yslam medeniýetiniň surat sergisinde Türkmen medeniýetiniň gözel ýerleri şöhlelendirildi
2019-njy ýylyň 15-nji noýabrynda Baku şäherinde ýerleşýän Azerbaýjanyň Milli medeniýet muzeýinde yslam medeniýetiniň we sungatynyň ösüşine bagyşlanan Yslam medeniýetiniň surat sergisi geçirildi. Bu çäre Baku Ikinji Dini Baştutanlaryň Summitiniň çäklerinde geçirildi.
Sergä Türkmen döwlet medeniýet institutynyň rektory A.Aýdogdyýew gatnaşdy. Sergä gatnaşyjylar Türkmenistanda ýerleşýän ýadygärlikleriň çeper suratlary hem-de Soltan Sanjar we Il-Arslan kümmetleri, Seýit Jemaletdin metjidiniň we arheologik ýerleriň suratlary bilen tanyşmaga mümkinçilik tapdylar.
Başga habarlar
22
Oct
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
22
Oct
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi
21
Oct
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidentiniň kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
21
Oct
Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde ŞHG-niň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
21
Oct
«Ene tebigat» atly halkara sungat sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi
Ähli habarlary görmek