2019-njy ýylyň 18-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Kuba Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Alfredo Nýewes Portuondo (ýerleşýän ýeri Baku ş.) bilen duşuşyk geçirildi.
Dostlukly häsiýetde geçen duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, ykdysady we ynsanperwer ulgamlarynda türkmen-kuba gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygyny hem-de iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň möhümdigini ara alyp maslahatlaşdylar.
Dünýäniň ähli ýurtlary bilen parahatçylykly gatnaşyklary saklamak maksadyna gönükdirilen Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk syýasatynyň möhüm orny barada belläp, Kubanyň Ilçisi iki ýurduň arasyndaky özarabähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmegine ynam bildirdi. Şeýle-de, saglygy goraýyş, oba hojalygy, sport, syýahatçylyk we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmäge bolan mümkinçiliklere seredildi.
Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň berkidilemegi ugrundaky işjeň hyzmatdaşlygy dowam etmek barada ylalaşdylar.