Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde Ýaşulularyň maslahatynyň mejlisi öz işine başlady. Mejlisiň açylyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow çykyş etdi.
Döwlet baştutany öz çykyşynda 25 ýylyň içinde ýurduň garaşsyz syýasy, durmuş-ykdysady we ynsanperwer ugurlarynyň ösüşini suratlandyryp, ýurduň we jemgyýetiň häzirki ýagdaýyny häsiýetlendirdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, geçen çärýek asyrda ýurdumyzyň esasy önümçilik gorlaryna gönükdirilen 144 milliard amerikan dollaryndan hem köp bolan düýpli maýa goýumlary özleşdirildi. Önümçilik we önümçilik däl maksatly iri desgalaryň 544-si guruldy hem-de işe girizildi.
Daşary söwda dolanşygynyň möçberi 1995 ýyl bilen deňeşdireniňde häzir 8 esse artdy.
Türkmenistan iki sany giň gerimli Türkmenistan–Hytaý we Türkmenistan-Eýran energetiki gazgeçiriji taslamalaryny amala aşyrdy. 2015-nji ýylyň dekabr aýynda Türkmenistan–Owganystan–Päkistan–Hindistan ugurlary boýunça gazgeçirijisiniň gurluşygy başlandy.
Çykyşda 2007-nji ýyldan başlap, ýurdumyzyň milli ykdysadyýetinde, maliýe we pul-karz hem-de durmuş ulgamynda özgertmeleriň täze tapgyryň amala aşyrylmagy başlandy, şeýle hem bazar ykdysadyýetiniň milli nusgasyny emele getirmegiň ylmy esaslary işlenilip düzüldi.
Orta we kiçi telekeçiligiň, şol sanda hususy telekeçiligiň senagatda, oba-hojalygynda, gurluşykda, hyzmat ediş ulgamlarda we beýleki pudaklarda yzygiderli ösýär, häzirki wagtda, umumy içerki önümiň düzüminde ykdysadyýetiň döwlete degişli bolmadyk böleginiň paýynyň 68 göterime barabar boldy. Ýurdumyzda ykdysadyýetiň döwlete degişli bolmadyk kärhanalarynyň umumy sany 25 müňe ýetdi.