2020-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň (ÝUNKTAD) Sebitleýin utgaşdyryjysy Dmitriý Godunow bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplaryň ikisi hem ÝUNKTAD-yň 2020-nji ýyla çenli durnukly ösüşiň Gün tertibini durmuşa geçirmekdäki möhüm ornuny bellediler.
Myhman öz gezeginde Türkmenistanyň Söwda we ösüş ulgamyndaky wezipeleri durmuşa geçirmekdäki meýilnama laýyk çemeleşmelerini aýratyn belledi.
Şeýle hem söhbetdeşligiň barşynda taraplar Türkmenistan bilen ÝUNKTAD-yň arasyndaky esasy üç ugur ýagny, maýa goýumy işjeňleşdirmek, gümrük gullugyny, ulag we logistika ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak, şeýle hem Bütindünýa Söwda guramasyna agza bolmaklyga ýardam bermek meselesini öwrenmek ýaly hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna üns berdiler. Türkmen tarapy ÝUNKTAD-yň girizen ASIKUDA ulgamynynyň netijeliligini belledi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistanyň ÝUNKTAD-yň Söwda we ösüş boýunça Geňeşine girmek meselesine garadylar, şeýle hem giň gerimli köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn ösdürmek meselesi boýunça pikir alyşdylar.