2020-nji ýylyň 11-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen-rumyn konsullyk geňeşmeleri geçirildi, oňa gatnaşmak maksady bilen Rumyniýanyň DIM-niň Konsullyk departamentiniň Baş direktory Muntean Walentin Çiprianyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgabada geldi.
Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Rumyniýanyň degişli edaralarynyň arasynda tejribe alyşmak bilen birlikde konsullyk hyzmatlaryny bermek prosesiniň kämilleşdirilmegi bilen bagly bolan meseleleriň birnäçesini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň döwlet we hususy pudaklarynyň dürli ulgamlarynyň sanlaşdyrylýandygy bilen baglylykda taraplar Rumyniýanyň baý tejribesiniň nazarda tutulmagynda zerur bolan konsullyk hyzmatlarynyň berilmegi boýunça hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi barada ylalaşdylar.
Şeýle hem saparyň çäklerinde rumyn wekiliýetiniň Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň çäklerinde taraplar Türkmenistanyň we Rumyniýanyň arasyndaky syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belläp geçdiler.