icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

14 sentýabr 2016

7529

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze rejelenen görnüşini tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion kanuny kabul edildi

Türkmen paýtagty Aşgabat şäherinde geçirilen Ýaşulular maslahatynyň mejlisinde “Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze rejelenen görnüşini tassyklamak  hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion kanuny kabul edildi.

Bu Konstitusion kanunyň kabul edilmegi ýurtda başy başlanan konstitusion özgertmeleriniň wajyp dowamy bolup, ol syýasy ulgamyň mundan beýläk hem kämilleşdirilmegine, döwletde we jemgyýetde yzygider demokratiýa başlangyçlarynyň, hususan-da, köp dürlüliligiň we köp partiýalylygyň ornaşdyrylmagyna gönükdirilendir. Bu işleriň möhüm netijeleriniň biri hem, Türkmenistanyň taryhynda ilkinji gezek, ýurtda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň wezipesiniň girizilmegidir.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň işlenip taýýarlanan täze rejelenen görnüşiniň taslamasy syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri, hukuk goraýjy we beýleki döwlet edaralary tarapyndan giňden ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwletimiziň Esasy Kanunynyň täze rejelenen görnüşi taýýarlananda raýatlarymyzdan gelip gowşan müňlerçe teklipler we bellikler kanunyň gutarnykly tekstinde öz beýanyny tapdy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi