2020-nji ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň we Ukrainanyň daşary syýasat edralarynyň arasynda Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde wideo aragatnaşyk arkaly syýasy geňeşmeler geçirildi.
Ýakymly salamlaşanlaryndan soňra taraplar türkmen-ukrain gatnaşyklaryna mahsus bolan dostlukly häsiýetini belläp geçdiler. Geňeşmeleriň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly meseleleriň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem, duşuşygyň dowamynda taraplar söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähmiýetli ugurlarynyň üstünde jikme-jik durup geçdiler. Mundan başga-da, diplomatlar ozal gol çekilen döwletara şertnamalarynyň we ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine syn berdiler.
Geňeşmeleriň ahyrynda taraplar iki ýurduň arasynda ýola goýlan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini belläp, özarabähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň zerurdygyny aýtdylar.