2017-nji ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň Buharestdäki Ilçihanasy GDA ýurtlarynyň Ilçihanalary bilen bilelikde Rumyniýanyň medeniýet we milli özboluşlylyk ministrliginiň ýardam bermeginde “Bilelikde bahary garşy alýarys” atly şygary astynda her ýylky sergi-ýarmarkasyny gurady. Sergi-ýarmarkanyň çäginde her ýurt öz milli diwarlygyny taýýarlady.
Rumyniýanyň ministrlikleriniň we edara-kärhanalarynyň wekilleri, diplomatik korpusyň wekilleri, jemgyýetçilik işgärleri, Buharestiň ýaşaýjylary, köpçülikleýin habar briş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem Buharest şäherinde ýerleşýän ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan türkmen talyplary bu sergä gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Ilçihanasynyň diwarlygynda Türkmenistan baradaky suratlar, el halylary, milli lybaslar, milli saz gurallary, elde ýasalan önümleri hem-de ýakalary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ylmy işleri we Türkmenistan baradaky ýene-de birnäçe žurnallardyr-kitalar ýerleşdirilipdir. Şeýle hem Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bagyşlanyp ýörite bölüm hem taýýarlanylypdyr.
Türkmenistanyň Ilçihanasynyň diwarlygynyň myhmanlaryna türkmen milli tagamlary hödürlendi.