2020-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen BMG-niň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň (ÝUNKTAD) wekilleriniň arasynda wideo aragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi.
Maslahatyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen ÝUNKTAD-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýetli ugurlaryna aýratyn üns berdiler. Bu ugurda Türkmenistanda Sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Konsepsiýasynyň 2020-2023-nji ýyllar üçin ikinji tapgyryny amala aşyrmagyň çäklerinde “Halkara söwda üçin Türkmenistanyň bir penjire toruny girizmek” atly Türkmenistanyň – ÝUNKTAD-yň – BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň bilelikdäki taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistanyň ÝUNKTAD-yň Söwda we ösüş boýunça Geňeşiniň çäklerinde amala aşyrýan işlerine garadylar, şeýle hem giň gerimli köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn ösdürmek meselesi boýunça pikir alyşdylar.