2020-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda «Türkmenistanyň Saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşi we halkara hyzmatdaşlyk» atly maglumat beriş duşuşygy – brifing geçirildi.
Çärä Türkmenistanyň Daşary işler, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim, Sport we ýaşlar syýasaty ministrlikleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, ýurdumyzda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşyga şonuň ýaly-da ýerli we daşary ýurt habar beriş serişdeleri hem gatnaşdylar.
Çykyşlaryň barşynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň netijeliligi we bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti barada jikme-jik gürrüň edildi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda adam saglygynyň hemmetaraplaýyn goraglylygy boýunça milli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi, şeýle-de Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň berýän maslahatlaryna laýyklykda we ýurdumyzyň milli kanunçylygynyň kadalarynyň nazarda tutulmagynda aýratyn howply ýokanç keselleriniň öňüniň alynmagy boýunça zerur çäreleriň görülýändigi nygtalyp geçildi. Türkmenistanda täze görnüşdäki COVID-19 koronawirusy tarapyndan ýüze çykarylýan hiç bir ýagdaýyň hasaba alynmandygy hem aýratyn bellenildi.
Öz çykyşlarynda halkara guramalarynyň wekilleri, hususan-da BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik Utgaşdyryjysy Ýelena Panowa, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Türkmenistandaky ýurt boýunça edarasynyň Başlygy Paulina Karwowska, BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýada öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin merkeziniň ýolbaşçysy Nataliýa German, ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky ýurt boýunça edarasynyň başlygy Kristina Weýgand, şeýle-de ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Drozd dagylar öz çykyşlarynda ýurduň ilatynyň immunizasiýasynyň ýokary derejeliligi, ýokanç we ýokanç däl kesellere garşy göreşmek boýunça hereket edýän taslamalar we maksatnamalar bilen bir hatarda, Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamynda durmuşa geçirilýän çäreleriň netijeliligini aýratyn belläp geçdiler.
Türkmenistanyň ählumumy sagdynlygyň, parahatçylygyň we durnuklylygyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlary bilen geljekki özaragatnaşyklarynyň has işjeň ýagdaýda dowam etdirilmegine degişlilikde pikirler alyşyldy.