Şu gün, 2020-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri E.Mamedýarowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirilip, onuň dowamynda iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi bilen bagly derwaýys meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ilkinji nobatda, türkmen döwletiniň Baştutanynyň şu ýylyň11-nji martynda amala aşyran resmi saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ylham Aliýewin arasynda baglaşylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmeginiň zerurlugy barada aýdyldy.
Şol bir wagtda, taraplar ulag-kommunikasiýa ugry boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň aýratyn ähmiýetini nygtap geçdiler. Hazarda Türkmenbaşy we Alýat deňiz portlarynyň arasynda göni deňiz gatnawalarynyň Ýewraziýa kontinentinde söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ösdürilmeginiň möhüm şerti bolup durýandygy barada aýdyldy. Ulag ulgamy boýunça hyzmatdaşlygyň ýokary netijeliligini nygtap, diplomatlar Gönorta-Günbatar ugry boýunça ulag geçelgeleriniň ýokary derejede işlemegini üpjün etmäge gönükdirilen hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini tapmak we durmuşa geçirmek meselesi üstünde durup geçdiler.
Şunlukda, ministrler Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary syýasy edaralarynyň arasynda yzygiderli ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etdirmek barada ylalaşdylar.