icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

05 maý 2020

1026

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Söwda-senagat edarasynyň howandarlygynyň astynda geçen duşuşyk

2020-nji ýylyň 5-nji maýynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň gatnaşyjy-döwletleriniň Söwda-senagat edaralarynyň wekilleriniň nobatdan daşary duşuşygy geçirildi. Mejlis wideokonferensiýa görnüşinde geçirildi.

Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy ýolbaşçylyk etdi. Duşuşygyň barşynda Türkiýäniň, Pakistanyň, Eýranyň wekilleri, şeýle-de Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy çykyş etdiler.

Bu duşuşyk taraplara YHG-nyň ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny, şeýle-de sebit we halkara gün tertibiniň derwaýys meselelerini, hususan-da pandemiýanyň ýurtlaryň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryna ýetiren täsirini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berdi. Taraplar söwda, ulag, energetika, senagat ulgamlaryndaky özarahereketleriň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Çökgünlikli ykdysady ýagdaýlaryny ýeňip geçmek, şonuň ýaly-da geljek üçin söwda strategiýalarynyň işlenilip düzülmegi boýunça bilelikdäki hereketeler dogrusynda pikirler alyşyldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi