2020-nji ýylyň 6-njy maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşligiň barşynda taraplar dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we strategiki hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan türkmen-özbek gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we ony has hem pugtalandyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Döwlet baştutanlary söwda, energetika, ulag we üstaşyr ýük daşamalary, şeýle-de senagat we oba hojalygy ýaly ähmiýetli ugurlar boýunça özaragatnaşyklaryň derejesine aýratyn seredip geçdiler.
Kärdeşler koronawirus ýokanjynyň ýaýramagy sebäpli sebitdäki we dünýädäki epidemiologiki ýagdaýlar dogrusynda pikirleri alyşdylar we pandemiýa garşy göreş babatyndaky özarahereketleri has hem giňeltmek barada ylalaşdylar. Ýurtlaryň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň arasyndaky yzygiderli geňeşmeleri geçirmegiň zerurlygy aýratyn nygtaldy.