2020-nji ýylyň 7-nji maýynda Türkmenistanyň DIM-de Hazar deňzi institutynyň direktory M.Atajanowyň Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary H.Halafow bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşyk onlaýn-görnüşinde geçirildi.
Duşuşykda Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Hazar deňzinde gorlary peýdalanmak we özarahereket etmek ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyklarynyň dürli ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de gepleşikleriň çäklerinde öň gazanylan ylalaşyklaryň çarçuwasynda iki ýurduň arasyndaky ylmy-barlag hem-de innowasion-tehnologiki hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerine hem seredilip geçildi.
Taraplar 2019-njy ýylda Türkmenistanda Birinji Hazar ykdysady forumynyň geçirilmeginiň aýratyn ähmiýetini bellediler. Bu çäräniň hazarýaka döwletleriniň söwda-ykdysady, ekologiki we ulag ulgamlarynda tagallalaryny utgaşdyrmaga taýýarlyklarynyň subutnamasy bolandygy aýratyn nygtaldy.
Taraplar şeýle-de hazarýaka döwletleriniň ählisi tarapyndan Hazar deňzinde dürli ugurlar boýunça köpugurly hyzmatdaşlygyň esas goýujy hukuk binýady bolup çykyş edýän Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýanyň kabul edilmeginiň derwaýys häsiýete eýe bolandygyny hem belläp geçdiler.