Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Iki döwletiň Baştutanlary birek-birek bilen salamlaşyp, özara hormat goýmak, netijelilik hem-de strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerinde guralýan türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň üýtgewsiz dostlukly häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler.
Söhbetdeşligiň dowamynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin birek-biregi Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy bilen gutlap, iki ýurduň halklaryna abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, 9-njy maý güni ýurdumyzda giňden we dabaraly ýagdaýda bellenilip, uruşdan gaýdyp gelmedikleriň, weteranlaryň, tylda zähmet çekenleriň edermenligine we gaýduwsyzlygyna sarpa goýuldy.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow russiýaly kärdeşine Türkmenistana Russiýanyň goranmak ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetini ugradandygy, şeýle hem özüniň atasy Berdimuhamet Annaýewiň söweşen 2-nji Ukrain frontunyň 206-njy atyjylyk diwiziýasynyň 748-nji atyjylyk polkunyň söweşjeň baýdagyny hemişelik saklamak üçin türkmen tarapyna ibermek baradaky çözgüdi üçin minnetdarlyk bildirdi.
Telefon söhbetdeşliginiň dowamynda taraplar şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän sebit we ählumumy gün tertibiniň birnäçe möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, bütin dünýä bileleşigi üçin çynlakaý synaga öwrülen koronawirus pandemiýasyna garşy göreşmek meselesine deglip geçildi. Şunda koronawirus keseliniň ýüze çykmagynyň ilkinji günlerinden başlap, Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň raýdaşlyk hem-de özara goldaw bildirip işjeň hyzmatdaşlyk edýändikleri aýratyn nygtaldy.
Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin şeýle hem döwletara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, bu mesele köpugurly türkmen-russiýa gatnaşyklarynda möhüm orun eýeleýär.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin iki ýurduň hemmetaraplaýyn köpugurly hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklap, birek-birege, şeýle hem uruş weteranlaryna we Türkmenistanyň we Russiýanyň doganlyk halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.