2020-nji ýylyň 5-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlygyň netijesinde milli derejede kabul edilen Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegi boýunça brifing geçirildi.
Brifinge Türkmenistanyň Daşary işler, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, şeýle-de degişli pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ýurdumyzda işleýän diplomatik missiýalarynyň hem-de halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri we konsullary, ýerli we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň žurnalistleri gatnaşdylar. Ýurdumyzda akkreditirlenen žurnalistlerden başga-da çärä onlaýn görnüşinde daşary ýurt KHBS-niň wekilleri hem gatnaşdy.
Çärä gatnaşyjylaryň ählisini şu günki, şonuň ýaly-da Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda durmuşa geçirýän hereketlerini hemmetaraplaýyn şöhlelendirýän mundan öňki brifinglere hem işjeň gatnaşýandyklary üçin minnetdarlygyny beýan edip, Daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegi boýunça ýurdumyzda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrdy.
Bu resminamanyň Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň berýän maslahatlaryna berk laýyklykda işlenilip taýýarlanandygyny nygtamak bilen, Ministr koronawirusyň täze görnüşiniň pandemiýasyna garşy bilelikde göreş alyp barmakda halkara hyzmatdaşlygynyň aýratyn ähmiýete eýe bolup durýandygyny aýratyn belledi. Ol şonuň ýaly-da bu resminamada kesgitlenilen maksatlaryň we çäreleriň ýerine ýetirilmegine, olaryň guramaçylyk hem-de maddy-tehniki taýdan üpjünçiligine gözegçilik etmek boýunça yzygiderli geňeşmeleriň geçirilmegine-de aýratyn ünsi çekdi.
Halkara jemgyýetçiliginiň koronawirusyň täze görnüşiniň ýaýramagyna garşy göreşmek hem-de pandemiýanyň ýaramaz netijeleriniň ýeňip geçilmegi babatyndaky tagallalarynyň utgaşdyrylmagy boýunça köpugurly işleri barada gürrüň edip, Ministr şu ýylyň 29-njy maýynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Baş Direktory Tedros Gebreýesus tarapyndan öňe sürlen COVID-19-a garşy tehnologiýalaryň ygtyýarlyk Platformasynyň döredilmegine üns çekdi. Türkmenistanyň bu Platforma goşulýandygyny resmi taýdan mälim edip, Ministr bu meýilleriň Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan Alym-lukmanlaryň halkara geňeşiniň döredilmegi bilen birlikde ylmy diplomatiýanyň netijeli gurallarynyň ilerledilmegi barada öňe süren oňyn başlangyçlary bilen sazlaşykly utgaşýandygyny hem aýratyn belledi.
Brifingde çykyş eden HHR-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sun Weýdun, Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Kasumata Takahiko, Aziýa Ösüş Bankynyň Türkmenistandaky Wekilhanasynyň direktory Çang Çing Ýu, şeýle-de Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň Türkmenistandaky Wekilhanasynyň ýolbaşçysy Fatih Türkmenogly, BMG-niň Baş Sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite Wekili, BMG-niň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin merkeziniň ýolbaşçysy N.German, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik Utgaşdyryjysy Ý.Panowa, ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň Ýolbaşçysy N.Drozd dagylar Türkmenistan tarapyndan ýiti ýokanç keselleriniň öňüniň alynmagy boýunça alnyp barylýan hereketlere, şonuň ýaly-da türkmen tarapynyň pandemiýa gaşy göreş babatynda halkara meýdançalarynda öňe sürülýän we bu ugurda raýdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen bilelikdäki meýilnamalaryň, maksatnamalaryň we gurallaryň durmuşa geçirilmegine ygrarlydygyna ýokary baha berdiler.
Türkmenistanda bu ýiti ýokanjyň hiç bir hadysasy hasaba alynmadygyny we ýurtda oňyn epidemiologiki ýagdaýynyň saklanýandygyny nygtap, çykyş edenler pandemiýanyň dünýäniň durmuş-ykdysady ýagdaýyna täsiriniň hökmany suratda boljakdygyna ünsi çekdiler. Şeýlelik-de, gatnaşyjylar Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň meýilnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini, şol sanda ýurtlaryň ykdysadyýetlerine bolan täsiri azaltmak boýunça bilelikdäki çözgütleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Brifingiň jemleýji böleginde «sowal – jogap» görnüşinde sessiýa geçirildi, onuň barşynda çärä gatnaşyjylar pikir alyşdylar we özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen ýüzlendiler.