2017-nji ýylyň 3-nji martynda Aşgabatda Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajyýew bilen “BMG-Zenanlar” düzüminiň Merkezi Aziýa üçin köpýurtlaýyn edarasynyň direktory Ileýn Konkiýewiç bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we “BMG-Zenanlar” düzümi bilen gender deňligi we bu babatda geljegi bar bolan meseleler boýunça gepleşdiler. I.Konkiýewiç daşary işler ministriniň orunbasaryny “BMG-Zenanlar” düzüminiň sebit we dünýä derejesinde alyp barýan işi we zenanlaryň jemgyýetde hem-de syýasatda tutýan ornunyň barha gowulaşýandygy barada habar berdi. Häirki wagtda, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen “BMG-Zenanlar” düzümi bilen bilelikde “Gender deňligini güýçlendirmek we Türkmenistanda 2018-2020-nji ýyllar üçin aýallaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek” boýunça ýurt makatnamasy işlenip düzülýär.
Gepleşigiň dowamynda geljekde gender deňligini öňe sürmek, döwletiň we jemgyýetiň ähli ugurlarynda aýallaryň gatnaşygyny ösdürmeklik üçin zerur şertleri döretmekligiň guraly hökmünde 2015-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan 2015-2020-nji ýyllar üçin gender deňligi boýunça Milli maksatnamasy tassyklady.
Şeýle hem taraplar sebitde gender syýasatyny üstünlikli amal etmekde Türkmenistanyň BMG we beýleki halkara düzümler bilen ýakyn hyzmatdaşlyk alyp barmaklyga aýratyn orun berýändigini belläp geçdiler.