icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

07 mart 2017

1909

Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet sapary başlandy

2017-nji ýylyň 6-njy martynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistana döwlet sapary başlandy.

 Aşgabada gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Garaşsyzlyk meýdançasynda dabaraly resmi garşylanyşy boldy.Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öz kärdeşini mübärekledi. Meýdançada belent mertebeli myhmanyň hormatyna Hormat garawuly düzüldi. Iki ýurduň liderleri nyzama düzülen esgerleriň öňünden geçdiler. Türkmenistanyň hökümetiniň agzalary Özbegistanyň Prezidentine tanyşdyryldy. Türkmenistanyň Baştutanyna hem Özbegistan Respublikasynyň hökümet wekiliýetiniň agzalary tanyşdyryldy.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew hormatly atlylar düzüminiň ugratmagynda awtoulagda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguzhan” köşkler toplumyna tarap ugradylar. Prezidentler Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasyndan soň, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguzhan” köşkler toplumynyň Ikiçäk gepleşikler zalynda geçdiler. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda ikiçäk görnüşde gepleşikleri geçirildi.

Iki döwletiň Baştutanlary ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi, Türkmenistanyň we Özbegistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary hem-de geljekki meýiller babatda türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň häzirki ýagdaýyna we geljegine degişli meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň barşynda taraplar özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara syýasatynyň birnäçe möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Soňra gepleşikler “Soltan Sanjar” zalynda iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdirildi.

Giňişleýin düzümde geçirilen gepleşikleriň ahyrynda “Seljuk han” zalynda ikitaraplaýyn resminamalaryna gol çekmek dabarasy boldy. Dabaranyň dowamynda 2018-2020-nji ýyllarda ykdysady taýdan hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Şertnama, Demir ýol ulaglary babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Ähtnama, medeni-ynsanperwer ulgamynda 2017-2019-njy ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasy, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2017-2018-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk Maksatnamasy ýaly resminamalaryna gol çekildi.

Şeýle hem sebitleriň arasynda - Daşoguz welaýaty bilen Horezm oblastynyň hem-de Lebap welaýaty bilen Buhara oblastynyň arasynda Söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyklara gol çekildi. Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary, Oba we suw hojalygy ministrlikleri, “Türkmenhimiýa” Döwlet konserni Özbegistanyň kärhanalary hem-de edaralary bilen Şertnamalary baglaşdylar.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew Bilelikdäki Beýannamany kabul etdiler hem-de Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnama gol çekdiler.

Resminama gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, iki döwletiň Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine Ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Döwlet baştutanlary gepleşikleriň dowamynda parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy berkitmek meselelerine möhüm orun berlendigini bellediler. Taraplaryň häzirki döwrüň şeýle wajyp meseleleri bolan halkara terrorçylyga, ekstremizme, serhetüsti guramaaçylykly jenaýatçylyga we neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygyna garşy ikitaraplaýyn düzümde we halkara guramalarynyň çäklerinde tagallalary birleşdirip işlemekligi ylalaşdylar.

Döwlet Baştutanlary Türkmenistan bilen Özbegistan dünýä gün tertibinde möhüm ugur bolup duran durnukly ösüş we onuň düzüm bölekleri: energetika howpsuzlygy, halkara ulag-üstaşyr ugurlaryň ösdürilmegi, ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmagy dowam etjekdiklerini tassykladylar.

Günüň ikinji ýarymynda iki döwletiň Baştutanlary Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna baryp, ahalteke bedewleriniň saklanmagy, köpeldilmegi hem-de seýislenmegi üçin bu ýerde döredilen şertler bilen uly gyzyklanma bilen tanyşdy. Türkmen halkynyň adyndan doganlyk özbek halkyna ajaýyp ahalteke bedewi sowgat berildi. Munuň özi iki ýurduň arasyndaky dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mizemezliginiň ýene-de bir aýdyň subutnamasy boldy.

Şeýle hem Prezident Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül goýdy. Ýörgün bolan däbe görä, Özbegistanyň Baştutany iki ýurduň we halklaryň arasyndaky dostlugyň nyşany hökmünde Hormatly myhmanlaryň seýilbagynda ýaş agaç nahalyny oturtdy.

Soňra Özbegistanyň Lideri Gypjaga ugrady we şol ýerde kümmete gül goýdy, Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň ýadygärligini hatyralady hem-de Türkmenbaşynyň Ruhy metjidine baryp gördi.

Agşam Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň hormatyna Türkmenistanyň Prezidenti resmi agşamlyk naharyny berdi, onda iki ýurduň Liderleri söz sözlediler.

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistana döwlet sapary dowam edýär.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi