2017-nji ýylyň 7-nji martynda Türkmenabat şäherinde Özbegistanyň ilkinji Prezidenti Yslam Karimowyň ýadygärlik toplumynyň açylyş dabarasy boldy we Lebap welaýatynyň administratiw merkeziniň köçeleriniň birine onuň ady dakyldy. Ýadygärlik toplumynyň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Prezidenti ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, Yslam Karimowyň hemişe dostluk we doganlyk hyzmatdaşlygyna daýanýan döwletara türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly goşant goşandygyny belledi.
Özbegistan Respublikasynyň ilkinji Prezidentine iň gowy ýadygärlik, onuň işini mynasyp dowam etmekdir, diýip Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we özara düşünişmegiň ýokary derejesi, taryhy köklerimiziň umumylygy mundan beýläk hem oýlanyşykly döwletara gatnaşyklarynyň berk binýady bolul gulluk eder diýip ynam bildirdi. Iki döwletiň Baştutanlary Yslam Karimowyň ýadygärligine gül desselerini goýdular.
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň döwlet saparyna bagyşlanan nobatdaky dabara Türkmenabat şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçirildi. Ol ýerde Türkmenistanyň we Özbegistanyň sungat ussatlarynyň uly konserti boldy.
Sahnada liriki aýdymlar we dessanlar, halk tanslary hem-de döwrebap aýdymlar we sazlar ýerine ýetirildi. Sungat ussatlarynyň – aýdymçylaryň, sazandalaryň we tansçylaryň çykyşlary tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.
Konsert tamamlanandan soň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň awtoulag kerweni Türkmenabadyň howa menziline tarap ugrady. Howa menzilinde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanyň Baştutany bilen mähirli hoşlaşdy. Iki ýurduň Baştutanlary ýene-de bir gezek birek-birege gowy arzuwlaryny beýan etdiler. Prezident Şawkat Mirziýoýew Türkmenistana döwlet saparyny tamamlap, Daşkende ugrady.