2017-nji ýylyň 9-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň (HGHK) Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin wekiliýetiniň baştutany j-p Žan-Žerom Kasabýanka bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň (HGHK) arasyndaky hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we ony Türkmenistanyň we HGHK-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 2017-nji ýyl üçin Meýilnamasynyň esasynda diwersifikasiýalaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar halkara ynsanperwerlik hukugyny milli kanunçylyga ornaşdyrmak we ynsanperwerlik ulgamynda öňki duşuşygyň netijeleri boýunça türkmen tarapynyň öňe süren tekliplerini we HGHK-niň nukdaý-nazaryny hasaba almak meselelerine uly üns berdiler.
Bilelikde ýerine ýetirilen işleriň önümliligine seredip geçmek bilen, taraplar ynsanperwer ulgamynda oňyn netijeleriň gazanylandygyny bellediler.