2020-nji ýylyň 30-njy iýulynda onlaýn görnüşinde Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna (BSG) agza bolmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça nobatdaky duşuşygy geçirildi.
Mejlisiň işine türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew, şeýle hem ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) wekiliýetine BSG-na agza bolmak departamentiniň direktory hanym Maýka Oşikawa ýolbaşçylyk etdi.
Wideokonferensiýanyň barşynda taraplar türkmen tarapynyň synçy hökmünde amala aşyrjak indiki ädimleri barada pikir alyşdylar. Türkmenistanyň synçy derejesiniň BSG-niň düzümine goşulyşmaklyga barýan ilkinji möhüm ädimdigini we türkmen tarapynyň synçy döwri, bu gurama we onuň işi bilen ýakyndan tanyşmagy, şeýle hem gurama doly hukukly agza hökmünde goşulyşmak baradaky gepleşikleriň başlamagyna taýýarlyk görmegine mümkinçilik döretjekdigi bellenildi.
Öz çykyşynda hanym M.Oşikawa türkmen tarapyny ýene bir gezek BSG-na synçy derejesini almagy bilen gutlap, BSG-niň Baş direktorynyň Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna ýollan haty barada aýtdy.
Şeýle hem çärä gatnaşyjylar tarapyndan Türkmenistan bilen BSG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek we bu gurama bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak boýunça işleriň dowam etdirilmegi bilen baglanşykly birnäçe ileri tutulýan meselelere garaldy. Türkmenistanyň BSG-na gatnaşmagy ýurduň milli we daşary ykdysadyýetiniň çalt ösmegine goşant goşar, şeýle hem maýadarlary çekmek üçin täze mümkinçilikleri döreder.