2020-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistan bilen Gruziýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly syýasy geňeşmeler geçirildi.
Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew, gruzin tarapyna bolsa Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Aleksandr Hwtisiaşwili ýolbaşçylyk etdiler.
Geňeşmeleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn we sebitleýin gün tertipleriniň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy hem-de syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.
Döwletara gatnaşyklary ösdürmekde ýokary derejeli duşuşyklaryň esasy ähmiýete eýedigi barada aýratyn bellenip geçildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar mümkin bolan ýagdaýynda şular ýaly duşuşyklary guramaga ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirdiler.
Iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeliligi barada bellenip geçildi. Taraplar işjeň gepleşikleri dowam etmek, şol sanda, geljekki döwür üçin hyzmatdaşlygyň maksatnamalaryny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnama-hukuk esasyny giňeltmek meselelerine hem seredildi.
Kärdeşler halkara guramalaryň, esasan-da, BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň netijeliligi barada hem nygtap geçdiler. Sebitde we dünýäde parahatçylyga, howpsuzlyga we durnukly ösüşe ýetmekde halkara hyzmatdaşlygyny öňe itermek işinde garaýyşlaryň deň gelmegi tassyklanyldy. Şunuň bilen baglylykda, taraplar Günorta Kawkazdaky, Merkezi Aziýadaky ýagdaýlary ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlarynyň gatnaşmagynda degişli syýasy mehanizmleri we formatlary ulanmak bilen BMG-niň howandarlygynda öňüni alyş diplomatiýa usullaryny ulanmaga çagyrýan pozisiýasy beýan edildi.
Şeýle-de geňeşmeleriň dowamynda Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky global pandemiýa ýagdaýy zerarly biraz gowşan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň derejesine seredildi. Taraplar söwda, senagat, maýa goýum ugurlary boýunça gatnaşyklary berkitmäge ýardam edýän Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparyň duşuşyklaryny işjeňleşdirmegiň zerurlygy barada bellediler.
Energetika we ulag pudaklaryndaky hyzmatdaşlygyň meseleleriniň üstünde durup geçip, taraplar bilelikdäki taslamalaryň we ylalaşyklaryň ilerledilmegine kanagatlanma bildirdiler. Aziýa we Ýewropa ýurtlarynyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösüşine oňyn täsir etmäge gönükdirilen “Lapis-Lazuli” geçelgesiniň üstünlikli işlemegi barada bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, deňiz portlaryny ulanmak, ýük daşama ulgamyna öňdebaryjy tehnologiýalary girizmek hem-de gümrük-nyrh kadalaşdyrylmany ýeňilleşdirmek arkaly hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak boýunça teklipler beýan edildi.
Kärdeşler medeni-ynsanperwer gatnaşyklar barada hem pikir alyşdylar. Taraplaryň esasy ünsi bilim we ylym meselelerine çekildi. Ýörite gurallary döretmek arkaly medeniýet ulgamyndaky gatnaşyklary giňeltmek mümkinçiliklerine seredildi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar iki döwletiň dostlukly türkmen-gruzin gatnaşyklaryny geljekde giňeltmäge ygrarlydygyny bellediler. Geňeşmeler işjeň we dostlukly ýagdaýda geçdi.