2020-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda göni wideoaragatnaşyk arkaly Merkezi Aziýa sebitinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň (CAREC) çäklerinde ýokary wezipeli wekilleriň duşuşygy geçirildi.
Çärä CAREC-e gatnaşyjy-ýurtlaryň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Aziýa Ösüş Bankynyň ygtyýarly wekilleri gatnaşdylar. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri, CAREC maksatnamasynyň milli utgaşdyryjysy M.Serdarow ýolbaşçylyk etdi.
Mejlisiň barşynda CAREC-iň işiniň esasy ugurlary, şol sanda ýurtlaryň arasynda söwdanyň giňeldilmegi we bäsdeşlige ukyplylygyň ýokarlandyrylmagy, ulag gatnawlarynyň gowulandyrylmagy, ykdysady we energetiki geçelgeleriniň ösdürilmegi ýaly ulgamlar boýunça işjeň pikir alyşmalar geçirildi. CAREC-2030 strategiýasynyň durmuşa geçirilmeginiň depgini, şeýle-de üstümizdäki ýyl üçin golaýda berilen başlangyçlar we iş maksatnamasy barada maglumatlar beýan edildi. Gatnaşyjylar 2030-njy ýyla çenli CAREC-iň degişli Strategiýalarynyň taslamalary boýunça tekliplere seredip geçdiler we Ministrler derejesindäki 19-njy maslahatyna görülýän taýýarlygyň barşyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Bu platforma CAREC ýurtlarynyň, geljekde bolsa tutuş Ýewraziýa sebitiniň arasynda ykdysady, söwda, ulag we energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ýaýbaňlandyrylmagy üçin netijeli gural bolup durýar. Şu ýyl Owganystan Yslam Respublikasy CAREC-de başlyklyk edýär.