2020-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň Wise-prezidenti Jozep Borelliň gatnaşmagynda «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» formatyndaky Ministrler derejesindäki 16-njy duşuşyk geçirildi. Duşuşyga şonuň ýaly-da Ýewropa Komissiýasynyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça komissary Ýutta Urpilaýnen hem gatnaşdy.
Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşyjylar mejlisiň gün tertibine girizilen iki mesele, has takygy ÝB-niň we Merkezi Aziýanyň hyzmatdaşlygyna hem-de onuň geljegine syn berdiler, şeýle-de sebitleýin we halkara meseleleri babatynda pikirleri alyşdylar.
Ýokarda görkezilen meseleleriň her biri boýunça daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» formatynyň çäklerinde özara hereketleriň ileri tutulýan ugurlary boýunça öz nukdaýnazarlaryny beýan etdiler we pikirleri alyşdylar.
Duşuşugyň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannama kabul edildi.