Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow köpugurly hyzmatdaşlygyň sebit hem-de global gün tertibiniň has derwaýys meseleleri babatynda ileri tutulýan milli ýörelgeleri beýan etdi.
Hususan-da, DIM-niň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan ozal beýan edilen, howpsuzlyga, onuň bölünmezligi bilen häsiýetlendirilýän bitewi, tutuş aýratynlyk hökmünde seredilmegi baradaky nukdaýnazary ýene-de bir gezek tassyklady.
Şunlukda türkmen tarapy şu günki günde dünýä jemgyýetçiliginiň ygtyýarlygynda bar bolan syýasy-diplomatik serişdeleriň hem-de usullaryň giň toplumynyň ulanylmagyny dünýäde durnuklylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagynyň esasy usullarynyň biri hökmünde aýratyn belläp geçdi.
Şu nukdaýnazardan, dawalaryň kadalaşdyrylmagy bilen birlikde dürli halkara meseleleriniň çözgüdi üçin täsirli gural hökmünde oňyn bitaraplygyň ýörelgeleriniň iş ýüzünde giňişleýin ulanylmagy baradaky Türkmenistanyň başlangyjynyň ähmiýeti hem nygtaldy.