2016-njy ýylyň 22-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde öz diplomatik işini tamamlaýan Çeh Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Daşkent ş.) j-p Ginek Peýha bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Ilçi soňky ýyllarda Ilçihananyň işine berilen goldaw üçin türkmen tarapyna çyn ýürekden minnetdarlygyny bildirdi. Ikitaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlygyň netijeli ösüşini belläp, taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-gumanitar pudaklaryndaky özara gatnaşyklarynyň meseleleri barada pikirleri alyşdylar. Taraplar yzygiderli esasda geçirilýän duşuşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine itergi berýän wajyp mehanizmleriň biridigini bellediler.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen tarapy Çeh Respublikasynyň Ilçisine ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň we özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň berkidilmegine ähmiýetli goşandy üçin minnetdarlygyny bildirdi.