icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

22 dekabr 2020

1529

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň arap dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

2020-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň arap dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi hem-de oňa ýurdumyzyň gazet-žurnallarynyň baş redaktorlary, ýerli ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlary hem-de talyplary, şeýle-de milli we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Mundan başga-da, bu çärä sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Birleşen Arap Emirlikleriniň ylmy işgärleri gatnaşdy.

Çäräniň dowamynda gatnaşyjylar Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň rektory A.Nuwwaýewiň, «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň baş redaktory R.Gylyjowyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alym kätibi, taryh ylymlarynyň kandidaty K.Janbekowyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Abdulaziz Al-Haşeminiň, şeýle hem wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Birleşen Arap Emirlikleriniň «Orient Consulting and Legal Translation» kompaniýasynyň Baş dolandyrjysy Safa Mahmud Al Jabaniniň çykyşlary diňlenildi.

Tanyşdyrylyş dabarasynyň barşynda, arap dilinde çapdan çykan bu kitabyň arap ýurtlarynyň halklary üçin türkmen halkynyň baý taryhy we medeni mirasy, asylly ýörelgeleri hem-de milli däpleri hakynda maglumatlary ene dilinde okamaga mümkinçilikdigi barada bellenildi. Şeýle hem bu neşiriň özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýän, berk Türkmen-Emirlikler gatnaşyklarynyň ýene bir aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Bu ugurda Abdulaziz Al-Haşemi Türkmenistanyň we BAE-niň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň özarabähbitli ähli ugurlarda yzygider ösdürilýändigi barada belledi. Şeýle-de ol kitapda öz beýanyny tapan, adamlaryň, ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky gatnaşyklarynyň berkitmek pikiri barada nygtady.

Öz çykyşynda Safa Mahmud Al Jabani Türkmenistanyň Prezidentiniň öz kitabynda garaşszylyk hem-de bitaraplyk derejelerine esaslanýan türkmen döwletiniň özboluşly gurluşyny aýdyň açyp görkezýändigi barada nygtap geçdi. Kitapda ata-babalarymyzyň durmuşyndan birnäçe mysallar getirilip, meşhur akyldarlaryň bilimiň, sözüň we galamyň güýji bilen edermenlige iterýän dana sözleri barada gürrüň edilýär.

Mälim bolşy ýaly, Milli liderimiziň bu eseri türkmen halkyna mahsus bolan ynsanperwerligiň, Watana ygrarlylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň naýbaşy ýörelgelerini giňden açyp görkezýär. Pederlerimiziň miras goýan taglymatlaryna we öwütlerine sarpa goýmak, parahatçylyk, raýdaşlyk we birek-birek bilen hoşniýetli gatnaşyk saklamak arkaly ählumumy ösüşe ymtylyş eseriň awtorynyň esasy çagyryşy bolup durýandyr.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi