2021-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekilçilikli wekiliýeti Owganystan Yslam Respublikasynyň Kabul şäherine iş sapary bilen gitdi.
Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti owgan Hökümetiniň ýokary derejeli wekilleri bilen işjeň gepleşikleriň birnäçesini geçirdi. Hususan-da, Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Hanif Atmar, Haj we dini meseleler boýunça ministri Mohammad Kasym Halimi, şeýle hem OYR-nyň Merkezi Bankynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Ajmal Ahmadi, Owganystanyň Demir ýollary edarasynyň Baş direktory Ýamma Şams, «Da Afghanistan Breshna Sherkat» energetika holdinginiň Baş ýerine ýetiriji direktory Ahmad Daud Nurzaý bilen duşuşyklary geçirildi.
Söhbetdeşlikleriň çäklerinde iki goňşy ýurduň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn özara hereketleriniň giň toplumyna seredilip geçildi. Şonuň ýaly-da özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň ählisi boýunça türkmen-owgan gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn giňeldilmegi babatynda pikirler alyşyldy.