Şu gün, 2021-nji ýylyň 2-nji fewralynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň we onyň düzümleriniň ýurtdaky we sebitdäki ýolbaşçylary we wekilleri bilen duşuşygy geçirildi. Mejlis gibrid formatynda geçirildi, ýagny käbir gatnaşyjylar zalda bolup, olaryň käbirleri-de wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly çärä gatnaşdylar.
Hususan-da, duşuşyga BMG-niň düzümleriniň, şol sanda BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasynyň, Ösüş maksatnamasynyň, ÝUNISEF-iň, BSGG-nyň, BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň müdirliginiň, BMG-niň Ilat gaznasynyň, BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň, BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň, BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň, BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebitleri boýunça Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň, Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň, Halkara zähmet guramasynyň we beýleki edaralaryň ýurt boýunça we sebitleýin 30-a golaý ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Şeýle-de mejlise BMG-niň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin merkeziniň wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri halkara guramalaryň wekillerine Türkmenistan bilen işjeň hyzmatdaşlyk we onuň giňeldilmegine goşýan şahsy goşantlary üçin minnetdarlygyny beýan etdi. Ol Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygynyň ýurduň daşary syýasy işiniň strategik ugry bolup durýandygyny nygtady. “Bu gün özara hereketlerimiz, howpsuzlygy üpjün etmekden başlap gender deňligine, ekologiýa meselelerinden bosgunlaryň hukuklaryny goramaga çenli esasy ugurlaryň ählisini diýen ýaly gurşaýar”, diýip Ministr belledi.
Duşuşygyň dowamynda şu ýyl üçin kesgitlenilen meýilnamalary we taslamalary netijeli durmuşa geçirmek boýunça işjeň pikir alşyldy. Gatnaşyjylar Türkmenistan bilen halkara guramalaryň arasynda geçen ýylyň dekabr aýynda gol çekilen bilelkdäki resminamalaryň ähmiýetini nygtadylar. Bu 44 sany resminama bolup, olaryň umumy möçberi 82 million ABŞ-nyň dollaryna barabardyr we aglaba bölegi Türkmenistan tarapyndan maliýeleşdirilýär. Hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň arasynda bilim, saglygy goraýyş we durmuş hyzmatlary, azyk howpsuzlygy we ekologiýa bardyr.
Şeýle hem Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasyny amala aşyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlise gatnaşyjylar, ýokarda agzalan edaralaryň wekilleriniň bilelikdäki işleriň netijelerini, häzirki we geljekki meýilanamalary hem-de taslamalary şöhlelendirýän çykyşlaryny diňlediler. Halkara guramalaryň wekilleri, şol sanda BMG-niň ýurt boýunça düzümleri Türkmenistanyň bilelikdäki ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça tagallalaryna ýokary baha berdiler.
Şeýle-de duşuşygyň dowamynda, ýaňy-ýakynda Aşgabat şäherinde açylyş dabarasy geçirilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ähmiýeti bellenip geçildi. Şunuň bilen baglylykda 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň çäklerinde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmegine hökmany suratda goşant goşjak bu ýyly geçirmegiň Ýol kartasynda kesgitlenilen çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.