2021-nji ýylyň 2-4-nji fewraly aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Birleşen Arap Emirliklerinde iş saparynda bolýar.
Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti BAE-niň Hökümet ýolbaşçylary, şeýle-de Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeler boýunça halkara agentliginiň (IRENA) wekilleri bilen işjeň duşuşyklary geçirdi.
2-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentlik işleri boýunça ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan, Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýýan hem-de Abu-Dabi Ösüş gaznasynyň Baş direktory Mohamed Saif Al Suwaidi bilen duşuşyklar geçirildi.
Gepleşikleriň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň giň toplumy boýunça Türkmenistanyň we BAE-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşyklaryň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesi kabul edildi, hususan-da: Türkmenistanyň Hökümeti bilen Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Özara düşünişmek hakynda Ähtnama (maýa goýum kompaniýany döretmek barada); Türkmenistanyň Hökümeti bilen Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Özara düşünişmek hakynda Ähtnama (Türkmenistanda taslamalary maliýeleşdirmek barada); Türkmenistanda amala aşyryljak taslamalary maliýeleşdirmek barada Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Soňra, 3-nji fewralda Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeler boýunça halkara agentliginiň Baş müdiri Françesko La Kamera bilen duşuşyk geçirdi.
Taraplar Türkmenistanyň we IRENA-nyň arasynda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň rejeli peýdalanylmagy, energetika howpsuzlygynyň üpjün edilmegi boýunça özara hereketleriň giňeldilmegi ugrunda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle-de, 4-nji fewralda türkmen wekiliýeti EKSPO-2020 Ýerine ýetiriji direktory Najib Mohammed Al-Ali bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň wekilleriniň şu ýylyň oktýabr aýynda açylmagy meýilleşdirilýän bu iri çärä gatnaşmagy bilen bagly guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.