2017-nji ýylyň 19-njy aprelinde Türkmenistanyň DIM–nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Aşgabada iş sapary bilen gelen Ýewropa Parlamentiniň Wise-Prezidenti j-p Rişard Çarneskiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Parlamentiniň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy bilen hoşallyklaryny beýan edip, özaragatnaşyklaryň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmekde ikitaraplaýyn gyzyklanmalar bellenildi.
Hususan hem, syýasy gatnaşyklaryň, energetika çygryndaky hyzmatdaşlygyň meselelerine garaldy, türkmen gazynyň Ýewropa iberilmeginiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem taraplar global esasda terrorizme garşy we onuň emele gelmeginiň sebäplerini ýok etmek boýunça özaragatnaşyklaryň meseleleri, ÝB-niň howpsuzlyk ulgamyndaky «KADAP» we «BOMKA» taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem taraplar geljekdäki hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze mümikinçiliklerine garadylar. «Тürkmenistan – ÝB» Bilelikdäki komitetiniň işiniň kämilleşdirmegi we netijeliligini ýokarlandyrmagy nazara almak bilen dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy geljekde giňeltmek meýillerini bildiler.