Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow YHG-niň 14-nji Sammitine gatnaşyjylaryň ünsüni ulag-kommunikasiýa ulgamynyň ösdürilmeginiň derwaýyslygyna çekdi.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow «Biz YHG-niň giňişligini Ýewraziýa kontinentinde amatly, düşewüntli, ýokary tehnologiýaly ulag-kommunikasiýa merkezleriniň we ugurlarynyň ulgamy hökmünde görýäris» - diýip nygtady.
Türkmenistanyň bu ugurda üstünlikli işleýändi bellenilip geçildi. Döwlet baştutany Kerki (Türkmenistan) – Şibergan (Owganystan) ugry boýunça elektrik geçiriji ulgamynyň işe girizilmegini, Owganystanda Akina–Andhoý beketleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýol böleginiň açylmagyny, Ymamnazar (Türkmenistan) – Akina (Owganystan) hem-de Serhetabat (Türkmenistan) – Turgundy (Owganystan) halkara optiki süýmli aragatnaşyk ulgamynyň işe goýberilmegini muňa mysallar hökmünde görkezdi.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti YHG-niň beýleki ýurtlarynyň gatnaşmagynda dürli ugurlarda şular ýaly giň gerimli we köptaraply taslamalary amala aşyrmak barada pikirlenmegi teklip etdi. Ol şeýle hem Gündogar-Günbatar ugry boýunça, Aziýa-Ýuwaş umman sebitinden kontinentiň Ýewropa bölegine, Ýakyn Gündogar tarapa utgaşdyrylan ulag geçelgelerine aýratyn üns bermäge çagyrdy.
Hazar deňziniň sebiti hem ünssüz galdyrylmady. Türkmenistanyň Prezidenti, Hazarýaka döwletleriň bäşisinden dördüsiniň YHG-niň agzasy bolup durýandygy bilen baglylykda, «Hazar deňziniň üsti bilen günbatgar-demirgazyk ugurlara, Gara hem-de Baltika deňizleriniň portlaryna işjeň çykmalydyrys», diýip belläp geçdi.