2021-nji ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy bilen bilelikde paýtagtyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda «BMG-niň howanyň üýtgemegi boýunça 2021 (COP26) maslahatyna tarap: Türkmenistanyň howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça tagallalary we öňde goýlan wezipeleri» atly tegelek stolyň başyndaky duşuşyk geçirildi .
Göni we sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, Beýik Britaniýanyň Hökümetiniň, daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalarynyň, ylmy-barlag institutlarynyň wekilleri, ösüş boýunça hyzmatdaşlar we donorlar gatnaşdylar.
2021-nji ýylyň noýabrynda Beýik Britaniýanyň Glazgo şäherinde geçiriljek BMG-niň howanyň üýtgemegi boýunça 2021 (cop26) maslahatyna bagyşlanan bu tegelek stol duşuşygy ýyladyşhana gazlarynyň (ÝG) zyňyndylaryny azaltmak we az uglerodly hem-de gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine geçmek meselesinde bilermenler derejesinde halkara hyzmatdaşlygy üçin täze pikirleri we ugurlary döretmek maksatly özboluşly meýdança boldy.
Duşuşygyň dowamynda şeýle-de Türkmenistanyň howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ugrundaky tagallalary we ýurtda alnyp barylýan işleri, şeýle hem gelejek üçin meýilnamalary şöhlelendirýän global howa ylalaşyklary boýunça borçnamalaryny ýerine ýetirmäge ygrarlylygy giňişleýin beýan edildi.