Şu gün, 2021-nji ýylyň 1-nji aprelinde Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň binasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Ö.Meredowyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Ýokary Gözegçilik edarasynyň başlygy S.G.Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň başlygy M.W.Mişustin bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň strategiki häsiýetini nygtap, iki döwletiň arasyndaky syýasy gepleşikleriň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Hökümetleriň arasynda özara hereketleri mundan beýläk-de giňeltmäge bolan gyzyklanma nygtaldy.
Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary yzygiderli ösdürmek, şol sanda söwda-ykdysady we maýa goýumlar gatnaşyklaryny giňeltmek, şeýle-de medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy berkitmek dogrusynda garaýyşlaryny beýan etdiler. Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň sebitleri bilen hyzmatdaşlygyň netijeliligi bellenildi.
Sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy.