Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasyna saparynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Daşary ykdysady iş bankynyň başlygy R.Jepbarowyň «Russiýanyň eksport-import banky» PJ-niň, Russiýa Federasiýasynyň «ВЭБ» döwlet ösüş korporasiýasynyň, Russiýanyň Göni maýa goýum gaznasynyň, «Sberbank» AGPJ-niň hem-de «Transkapitalbank» bankynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirildi.
Mundan başga-da saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy S.Welbegow Russiýa Federasiýasynyň Statistika baradaky Federal döwlet gullugynyň ýolbaşçysy P.Malkow bilen duşuşdy.
Duşuşyklaryň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň hökümetleriniň arasynda maýa goýum we innowasiýalar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem taraplar maliýe ulgamyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ösdürilmeginiň mükinçilikleri babatynda pikir alyşdylar.