2017-nji ýylyň 24-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýaponiýanyň Halkara Hyzmatdaşlyk bankynyň, Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň, Eksport we maýa goýumlary ätiýaçlandyryş guramasynyň hem-de Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisiniň bilelikdäki wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.
Gepleşikleriň dowamynda ykdysady hyznatdaşlygyň giň çygry boýunça işjeň gepleşikler geçirildi. Şunlukda 2013-nji ýylyň sentýabrynda we 2015-nji ýylyň oktýabrynda ýokary derejeli saparlaryň dowamynda gol çekilen resminamalaryndan gelip çykýan wezipeleriň durmuşa geçirilmeginiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar geljekde nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerine garadylar, işiň inžener esaslandyrmasynda ýokary tehnologiýalary ulanmak arkaly bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň gidişini ara alyp maslahatlaşdylar. Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Fumio Kisidanyň şu ýylyň maý aýynda Türkmenistana boljak saparyna, şeýle hem ýakyn geljekde geçirilmegi meýilleşdirilýän bilelikdäki taslamalaryna degişli meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.