2021-nji ýylyň 21-nji aprelinde ABŞ-nyň Prezidentiniň Howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça ýörite wekili Jon Kerriniň çakylygy boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew howanyň üýtgemeginiň meseleleri babatda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen tegelek stola gatnaşdy.
Bu çäre dünýäniň onlarça döwletiniň ygtyýarlandyrylan wekilleriniň gatnaşmagynda şu ýylyň noýabr aýynda Glazgo şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän BMG-niň Howanyň üýtgemegi barada Çarçuwaly konwensiýasynyň 26-njy mejlisine taýýarlyk görmegiň çäklerinde geçirilýär.
Tegelek stola gatnaşyjylar döwlet we hususy pudaklaryň tagallalaryny birleşdirmegiň, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça gowşak döwletlere ýardam bermegiň we bu ýagdaýa innowasiýalary ornaşdyrmagyň mümkinçilikleri bilen bir hatarda, howanyň üýtgemegi babatda meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Tegelek stolda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew çykyş etmek bilen, milli, sebit we halkara derejelerde global howa krizisini ýeňip geçmek işinde türkmen tarapynyň wajyp hereketlerini beýan etdi.
Türkmenistan işjeň we uzakmöhletli hyzmatdaşlygyň hem-de ekologiýa diplomatiýasyny ösdürmegiň tarapdary hökmünde çykyş edýär. Tegelek stoluň barşynda howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça köpçülikleýin öňüni alyş çäreleriň we ekologiýa taýdan arassa hem-de serişdeleri tygşytlaýjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny, şeýle-de 2030-njy ýyla çenli milli derejede parnik gazlarynyň zyňyndylarynyň ösüşini nol derejä ýetirilmegini we olaryň azaldylmagyny göz öňünde tutýan Türkmenistanyň milli maksatnamalary we strategiýalary beýan edildi.