04 maý 2021
4632
Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministrleri telefon arkaly ikitaraplaýyn gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar
Şu gün, 4-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri Ruslan Kazakbaýew bilen telefon gepleşigini geçirdi.
Söhbetdeşligiň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Ministrler Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeleriň işjeňleşdirilmeginiň zerurlygyny nygtadylar.
Taraplar şeýle-de hyzmatdaşlygyň anyk ugurlary boýunça degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň ýolbaşçylary derejesindäki ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähmiýetini bellediler.
Başga habarlar
24
Oct
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat
24
Oct
Aşgabatda köp dilli bilim bermek meseleleri boýunça sebit dialogy geçirildi
23
Oct
Gruziýanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi
23
Oct
Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň gününe bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi
22
Oct
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Ähli habarlary görmek