Şu gün 5-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Mereowdyň Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministri S.Muhriddin bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi.
Söhbetdeşligiň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň işjeň meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Şunuň bilen baglylykda, iki döwletiň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy maslahatlaşmalary geçirmegiň mümkinçiliklerine seredildi. Taraplar şeýle-de 2021-nji ýylda Hökümetara toparyň mejlislerini geçirmegiň meselelerine garadylar. Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň wajyp meseleleriniň birnäçesini bu toparyň seretmegine hödürlemek teklip edildi.
Taraplar şeýle-de halkara we sebit gün tertibiniň esasy ugurlary boýunça pikir alyşdylar.